Edebiýat agşamy geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň talyby ýaş şahyr Kerim Hallyýewiň gatnaşmagynda edebiýat agşamy geçirildi.
Gyzykly geçen bu döredijilik duşuşygyna M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň professor-mugallymlary, talyplary hem-de döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlar gatnaşdylar.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar ýaş şahyr Kerim Hallyýewe döredijiligi hakynda özlerinde döreýän gyzyklanmalary, şygryýet bilen aýdym-saz sungatynyň sazlaşyklylygy hakynda sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar. Şahyryň özüniň okap bermeginde ata Watanymyzy, mähriban zenanlarymyzy wasp edýän birnäçe goşgular diňlenildi. Şahyr galamyndan çykan bu goşgular dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy hem-de ýetip gelýän zenanlaryň baýramçylygyna ajaýyp toý sowgady boldy. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda aýdym-sazlara hem uly orun berildi. Ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdymlar diňlenildi. Olaryň arasynda şahyr Kerim Hallyýewiň goşgularyna döredilen aýdymlar diňleýjileri özüne çekijiligi bilen tapawutlandy. Şahyrçylyk ýoluna täze gadam basan talyp ýaşlaryň okap bermegindäki ýaňlanan goşgular hem has täsirli boldy.
Ýaşlarda uly gyzyklanma döreden bu edebiýat agşamy döredijilik ýolunyň uzamagyna, birek-birek bilen pikir alyşmaga, döredijilik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga uly itergi berdi. Dabaranyň soňunda oňa gatnaşyjylar Watanyň geljegini ösüp gelýän ýaşlarda görýän Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.