Dutar sazy-dünýäniň ykrarnamasy

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Dutar sazy-dünýäniň ykrarnamasy” atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Bu ýere ýygnanalar hormatly Arkadagymyzyň şanly waka mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär diýip, Gutlagynda belleýär. Dabaranyň dowamynda konserwatoriýanyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýewiň “Dutarçylyk sungaty barada”, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewanyň, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Laçyn Hudaýberdiýewa dagylaryň çykyşlary, Türkmenistanyň halk artisti Annaseýit Annamyradowyň “Daglara bar” atly türkmen halk sazyny, bagşylar ansamblynyň, “Bu jennetdir” atly sazyny, Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň “Kim biler” atly Türkmen halk aýdymyny, Amannepes Amannepesowyň “Dünýä ýaň salan goşa tarym” atly çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Bagşylar ansambly tarapyndan “Arkadagym bar” atly aýdymy ýerine ýetirmegi dabara has hem öwüşgin çaýdy.
Dabara ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler hem-de milli Liderimize ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge gönükdirilen syýasaty üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm